YHK ansat
Eziz Annamyradov
ÝHK-aňsat — Ýol hereket kadalarynyň synagyna taýýarlanmak üçin aňsat we amatly programma! ÝHK-aňsat 82 sany biletden we 820 sany soragdan ybarat. Dogry jogaplar ýaşyl, nädogry jogaplar bolsa gyzyl reňk bilen görkezilýär. Bu programma soraglary has aňsat we çalt ýatda saklamaga, synaga has gowy taýýarlanmaga we goşmaça çykdajylary azaltmaga kömek eder. ÝHK-aňsat programmasynyň mümkinçilikleri: Synag biletleri Öz-özüňi barlamak üçin synag Ýol hereket kadalarynyň tekstleri Göýberilen ýalňyşlar Saýlanan soraglar Meňzeş soraglar Çem gelen soraglar / Non-Stop tertibi Awtodrom kartasy Sürüş synagy üçin maslahatlar we peýdaly maglumatlar ÝHK-aňsat tölegli programma bolup, telefonyňyza gurnalandan soň internet bolmasa hem türkmen we rus dillerinde ulanyp bilersiňiz. Synagyňyzda üstünlik arzuw edýäris! Teklipleriňiz ýa-da şikaýatlaryňyz bar bolsa, bize şu e-poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz: yhk@yakyn.biz