Zaman Türkmenistan

Wepa Amandurduyew

Zaman Türkmenistan app icon
0.0 starsFree
4+Version 9.0Updated 7/8/2024, 1:29:06 PM
Open in Store

“Zaman-Türkmenistan” gazeti 1992-nji ýylyň noýabr aýynda döredilip, ýurdumyzdaky täzelikleri, şol sanda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlarda dünýäniň dürli künjeginde bolup geçýän täzelikleri, gyzykly we täsin wakalary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýär. “Zaman-Türkmenistan” gazeti ilki neşirýat kärhanasy, 2004-nji ýylda jogapkärçiligi çäkli bileleşik, 2007-nji ýyldan bäri bolsa, hojalyk jemgyýeti hökmünde iş alyp barýar. “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Döredijilik topary milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny türkmen halkyna hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň okyjylaryna ýetirmek maksady bilen şanly senelere bagyşlap, ýörite sanlary taýýarlaýar. Ýörite sanlaryň halk köpçüliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy gazetiň işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegine höweslendirýär. Döredijilik toparymyz dürli döwürde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň döredijilik topary 2010-njy ýylda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy. “Zaman-Türkmenistan” gazeti hepdelik neşir bolup, 2005-nji ýyldan bäri internet saýty arkaly dünýäniň ähli ýerindäki okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Gazetimiziň internet saýtynyň yzygiderli täzelenýär. Şeýle hem okyjylar smartfonlar üçin döredilen applikasiýadan peýdalanyp bilýärler. Türkmenistanyň Metbugat merkezinde çap edilýän gazet “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýar.

Released
2021-02-22T08:00:00Z
Current version
9.0

Screenshots

Zaman Türkmenistan screenshot 1Zaman Türkmenistan screenshot 2Zaman Türkmenistan screenshot 3